Ýaş matematigiň üstünligi

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematikadan kämil baş çykarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa ornaşdyrmagyň çäklerinde halkara hem-de ýurdumyzda geçirilýän internet olimpiadalaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşýarlar.

Şeýle olimpiadalaryň biri hem şu ýylyň 4 – 6-njy noýabrynda Polşa Respublikasynyň Katowiçe şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Matematika dersi boýunça geçirildi. Halkara toparlaýyn bäsleşigine (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2022) institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby Akmyrat Tirkeşow gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistanyň “Aşgabat” topary bürünç medala we III orna mynasyp boldy. Akmyrat Tirkeşow Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň kapitany hökmünde bürünç medala we III  baýrakly orna şeýle hem ol ýekelikde kümüş medala we II orna mynasyp boldy.

Talyp ýaşlarymyzyň şular ýaly gazanýan üstünlikleri bizi diýseň buýsandyrýar. Olara geljekki bäsleşiklerde hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.


Aýjahan GULHANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary 

 fakultetiniň II ýyl talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/83631