Talybymyzy gazanan ýeňşi bilen gutlaýarys

Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň Maliýe monitoringi boýunça federal gullugynyň, Russiýa Federasiýasynyň Magaryf ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň ýokary bilim boýunça degişli beýleki edaralarynyň guramagynda Maliýe howpsuzlygy boýunça II Halkara olimpiadasy geçirildi. Olimpiada iki etapdan ybarat bolup, 1-nji etap 2022-nji ýylyň 16-20-nji maýy aralygynda saýlaw görnüşinde geçirildi. Saýlanan talyplar 2-nji tapgyra ýagny, final tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Final tapgyry 10-14-nji oktýabry aralygynda geçirilip, oňa Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan, Hindistan, Ermenistan Respublikalaryndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Braziliýa Federatiw Respublikasyndan talyplar gatnaşdylar. Olimpiada barada berilýän maglumatlara görä geçen ýyl 31 müň gatnaşyjy hasaba alnan bolsa, bu ýyl 12 döwletden 40 müň gatnaşyjy hasaba alyndy we olaryň 72-si diplomlar we sowgatlar bilen sylaglandylar.

Türkmen talyplary hem bu olimpiada-da üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow "Halkara gatnaşyklary" ugry boýunça 1-nji orna mynasyp boldy. Talybymyzy halkara derejesinde gazanan bu üstünligi bilen gutlaýarys!

 

Annagözel MEKANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz! 

https://ashgabat.in/2022/10/19/maliye-howpsuzlygy-boyunca-ii-halkara-olimpiadada-turkmen-talyby-yeniji-boldy/