Türkmenistanyň wekili Stambul howpsuzlyk konferensiýasyna gatnaşdy

Türkiýäniň Stambul şäherinde Türk Aziýa Strategik barlaglar merkeziniň Milli goranmak we howpsuzlyk instituty tarapyndan ýaňy ýakynda 8-nji howpsuzluk konferensiýasy geçirildi. “Howpsuzlyk meseleleri, Dilemmalar, Integrasiýalar, Modeller we Aziýa” temasy boýunça geçirilen bu konferensiýa Türkmenistan tarapyndan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň işgäri gatnaşdy.

Stambul konferensiýasynyň çäginde geçirilen birnäçe forumlarda kiber-howpsuzlyk, deňiz gämi gatnawlary boýunça howpsuzlyk meseleleri, älem giňişliginde goranmak-howpsuzlyk strategiýasy, terrorizm, harby çaknyşyklar we şuňa meňzeş wajyp temalar barada pikirler alyşyldy. Maslahat äheňli bu çärä Aziýa, Kawkaz, Afrika, Ewropa, Amerika ýurtlaryndan hökümet wekilleri, politologlar, goranmak we howpsuzlyk guramalarynyň hünärmenleri, alymlar hem-de strategik-seljeriş barlaglar institutlarynyň bilermenleri şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Konferensiýa diýseň peýdaly we tälim alarlykly akymda alnyp baryldy.      


Döwletmyrat MÄMMEDOW

TDIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar

 boýunça ylmy merkeziniň ylmy işgäri.