TÜRKMEN TÜRGENI ALTYN MEDALA MYNASYP BOLDY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Türkmen türgenleriniň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Ine, şeýle  ýaryşlaryň biri hem 2022-nji ýylyň 3­-4-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Berlin şäherinde karate boýunça 17-nji gezek geçirilýän Banzaý Cup atly halkara ýaryşydyr. Bu ýaryşa 31 döwletden 1200 den gowrak türgen gatnaşyp, Türkmenistanly türgenler medallaryň 13-sine mynasyp boldy. Olardan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, sportuň karate görnüşiniň ussady Ýusup Garajaýew 1-nji orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy.

Ýeri gelende bellesek, Ýusup Garajaýew başga-da ençeme halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardy. Biz hem ýaş türgene şeýle ýeňişleriň höwrüniň köp bolmagyny, okuwynda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

                                             

Altyn BABYŞOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

https://orient.tm/ru/post/39673/sbornaya-turkmenistana-po-karate-vystupit-na-chempionate-mira

https://www.turkmenportal.com/blog/51559/sbornaya-turkmenistana-primet-uchastie-v-chempionate-mira-po-shotokan-karate-v-chehii

«Прокачать» молодежь: студенты из Туркменистана – на интеллектуальной Олимпиаде в Сочи (orient.tm)