Ulag diplomatiýasynyň möhüm wezipelerine bagyşlanan duşuşyk

2022-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkeziniň çäklerinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Ataýew bilen duşuşyk geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ilçi «Türkmenistanyň amatly geoykdysady we geosyýasy ýerleşişiniň ulag diplomatiýasyny ilerletmekdäki orny» atly tema boýunça çykyş edip, bu barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de Ilçi türkmen-ukrain gatnaşyklary, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlary dogrusynda-da durup geçdi.

Ilçiniň belleýşi ýaly, her bir döwlet öz geografik taýdan amatly ýerleşişini we mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ykdysady ösüşi üpjün etmekde zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda möhüm başlangyçlar we teklipler bilen çykyş edýän Türkmenistan hem täze geoykdysady giňişliginiň arhitekturasyny gurmaga özüniň uly goşandyny goşýar. Bu ugurda BMG-de we beýleki abraýly halkara guramalarda umumy tagallalary birleşdirmekde işjeň orny eýeläp, Bitarap Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynda iri infrastruktura taslamalary teklip edýär we amala aşyrýar.

Geljekki halkaraçy hünärmenler üçin bu duşuşyk örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.


Döwletgeldi  ÖWEZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.