Ulag diplomatiýasy: türkmen-rumyn hyzmatdaşlygy barada okuw seminary geçirildi

2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde (TDMUOM) Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamämmet Annaýew bilen institutymyzyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw seminary geçirildi.

2018-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Rumyniýanyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda döredilen ulag nji desgalaryny peýdalanmak barada pikir alyşdylar.

Täsirli geçen bu okuw seminary talyplar üçin örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.

 

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.