Talyplarymyzyň täze üstünlikleri!

2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we “Türkmenistan” gazetiniň redaksiýasy bilelikde ýaş žurnalistleriň arasynda yglan eden “Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri” atly döredijiliginiň bäsleşigiň jemini jemledi. Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Gurbansähet Gurbansähedow Baş baýraga mynasyp boldy.

Şeýle-de bäsleşikde ýokary okuw mekdebimiziň 3-nji ýyl talyby Gunça Hamedowa 3-nji orny eýelemegi başardy. Biz hem öz gezegimizde bäsleşikde ýeňiji bolan talyp deň-duşlarymyza geljekde-de döredijilikde uly üstünlikleri arzuw edýäris!


Kyýat ILAMANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.