SPORT: SAGDYNLYK WE BAGTYÝARLYK

Sport adamzadyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegini düzýän pudak derejesine çenli ösdürildi. Häzirki wagtda  dünýä ýurtlary barada sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine berýän ünsüne laýyklykda biziň ýurdumyz dünýäde sportly ýurt hökmünde tanalýar. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan Gahryman Arkadagymyz türkmen ýaşlary we sport bilen meşgul bolýan türgenler üçin hem gaýtalanmajak görelde görkezmegi bilen täze belentliklere göterilyän türkmen sportunyň geljegi uly üstunlikleri nazarlaýar. Talyp ýaşlar  dürli babatda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, men hem Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan geçirilen sportuň Kýokuşinkaý karate görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatynda erkekleriň we aýal-gyzlaryň arasynda çykyş edip, toparlaýyn I orna, kata görnüşi boýunça II orna, 65 kg agram derejesinde çykyş edip III orna mynasyp boldum. Sportuň hakyky muşdagy hökmünde bu ugurda gazanyljak üstünliklere öz mynasyp goşandymy goşjakdygymy Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy ynandyrmak isleýärin. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun!


Dürdäne Nazargylyjowa, 

Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara ykdysady gatnaşyklary  fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.