Türkmen – arap gatnaşyklaryna bagyşlanan okuw sapagy

2022-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi Serdarmämmet Garajaýewiň «Energetika diplomatiýasy» boýunça okuw sapagy geçirildi.

Ilçi duşuşygyň dowamynda “Aýlag ýurtlarynyň hyzmatdaşlyk geňeşi bilen Türkmenistanyň energetika meseleleri boýunça hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary” diýen tema boýunça çykyş etdi. Ol öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has giň gerime eýe bolýandygyny belläp geçdi. Aýratyn hem, Ilçi Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, ylym-bilim ulgamlary boýunça alnyp barylýan işler barada nygtady. Mundan başga-da Ilçi Serdarmämmet Garajaýew Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýola goýlan sebit ähmiýetli ikitaraplaýyn ylalaşyklar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi.

Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallary bilen hormatly Ilçä ýüzlenip, olara dogry we giňişleýin jogap aldylar.



Jennet OMAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.