DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDAN HOŞ HABAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejeli türgenleri taýýarlamak Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamanyň, beýleki döwlet maksatnamalaryň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Ýetginjeklerimiziň arasynda sporta bolan höwes barha rowaçlanýar, olar halkara derejeli sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň bähbidini gorap baýrakly orunlary eýelemegi başarýarlar. Şeýle üstünlikleriň birine hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow mynasyp boldy. Ol Çehiýanyň Pardubis şäherinde geçirilen Şotokan karate boýunça XII dünýä çempionatynda 3 sany altyn, 4 sany kümüş we 2 sany bürünç medallary gazanmagy başardy. Ýeri gelende bellesek, Dawut Nazmyradow şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçirilen Halkara Banzai Cup Berlin 2022 sport ýaryşynda 31 döwletden jemi 1211 türgenleriň gatnaşmagynda sportuň karate görnüşinde 75 kg agram derejesi boýunça altyn we kümüş medallara eýe boldy.

Biz hem ýaş türgenimizi bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Ýeňijilerimize täze ýeňişleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.


Aýşat AŞYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.


Туркменские каратисты – на итоговом 3-м месте по количеству медалей ЧМ-2022 в Пардубице (orient.tm) 

https://salamnews.tm/section/sport/basa-bas-sowes/turkmen-karatecilerinin-9-sy-sowes-gornusleri-boyunca-talyplaryn-dunya-kubogynda-cykys-eder-b78024

https://ahal.info/tm/news/turkmenistanly-turgenler-banzai-cup-halkara-yarysynda-13-medal-gazandylar