BMG-niň iş dillerinde yglan edilen düzme bäsleşigiň netijeleri

2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynda şol institutyň guramagynda ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen düzme bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. “Men we meniň gymmatlyklarym (I and my values)” atly düzme bäsleşigi Birleşen Milletler Guramasynyň iş dillerinde (iňlis, ispan, fransuz, rus, arap we hytaý dillerinde) geçirilip, oňa biziň institutymyzdan 30-dan gowrak talyp gatnaşyp, dürli dillerde ýazan düzmelerini portal arkaly ugratdylar. Ýaryşyň netijelerine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow baş baýraga, şol fakultetiň 2-nji ýyl talyby Kerim Baýmyradow II orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kuwwat Mämedow we Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Kerwen Babaýew III orna, şeýle hem Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Karataýew we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Annaberdi Kaşaňow höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

Biz hem öz gezegimizde talyp deň-duşlarymyzy gazanan ýeňişleri bilen gutlap, geljekde olara döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.


Berdigylyç ÝAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

https://ashgabat.in/2023/01/27/baynazar-nepesow-duzme-baslesiginin-bas-bayragynyn-yenijisi-boldy/