«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň II oýny geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň II oýny geçirildi.

«Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän bu bäsleşigiň II oýny «Gadymy Hytaý siwilizasiýasy: köpdürli medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty» atly tema boýunça geçirildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň II oýnuna Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Didar Serdarow, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hemra Saparow, Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Dawut Saparmuhammedow, Begenç Hangeldiýew, Bagdat Berdinazarow, şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begenç Wepaýew, şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Atanepes Atagulyýew, Gülsere Garryjaýewa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güljan Serdarowa, şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Myrat Maksadow, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekçanow, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Muhammetnur Maksatmyradow, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Mahym Ýagdyýewa, Aşgabat şäheriniň 64-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Kerimberdi Mämmedow dagy  gatnaşdylar.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň II oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çary Nyýazow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty Bike Diwangulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Serdar Maşrykow dagy adalatly eminlik etdiler.

Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijelerine görä, Aşgabat şäheriniň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mekan Agahanow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülsere Garryjaýewa, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Güljan Serdarowa hem-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 24-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Anwar Bekçanow II oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Akyl-paýhas bäsleşiginiň bu oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy, «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hem-de «Aýbölek» mebel kärhanasy hemaýatkärlik etdiler. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de bäsleşige gatnaşyjylara Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy.

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň II oýny «Miras» teleýaýlymy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

 

Bereket ÖWEZGELDIÝEW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/69161/parahatcylygyn-yas-caparlary-akyl-payhas-baslesiginin-ikinji-mowsuminin-2-nji-tapgyrynyn-yenijileri-kesgitlenildi


https://ashgabat.in/2023/01/10/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-akyl-payhas-baslesiginin-ii-mowsuminin-2-nji-oyny-gecirildi/


https://turkmenportal.com/tm/blog/56604


https://orient.tm/tm/post/44531/gadymy-hytay-siwilizasiyasy-parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-taze-oynun-temasy-bolar


https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/parahatcylygyn-yas-caparlary-gadymy-hytay-siwilizasiyasy-temasy-ugrunda-basleserler-bc7028


https://turkmenportal.com/tm/photoreport/56672/parahatchylygyn-yash-chaparlary-basleshiginin-gadymy-hytay-siwilizasiyasy-oyuny-gechirildi