Talyplarymyz “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler

2022-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda IT meýdançasynda ýaşlaryň arasynda ykjam programma üpjünçiligi boýunça “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bu ugur bilen gyzyklanýan talyplaryň 180-e golaýy gatnaşdylar.

Şol sanda oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary Jahangir Polatbaýew, Farhat Şaripow, Resul Gylyjow toparlaýyn görnüşde we Şeker Batyrowa ýekelikde gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşik üç tapgyrdan: deslapky hasaba alyş, saýlamak we ara alyp maslahatlaşmak, jemleýji saýlap alyş we gürrüňdeşlik boýunça geçirildi.

Institutymyzyň talyplary üç tapgyr boýunça hem üstünlikli çykyş etmegi başardylar. Bäsleşigiň netijesine görä Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Şeker Batyrowa tapawutlanan iş bilen gatnaşanlygy üçin hormat haty bilen sylaglandy.

 Biz hem geljekde talybymyza mundan beýläk uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby,

 Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.