Hoşniýetli gatnaşyklaryň täze nusgasy

2022-nji ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary boldy. Bu saparyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama gol çekilmegi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny goşar.

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkmenistanyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen Ähtnamanyň çäginde geljekde okuw seminarlaryny guramak, ylmy-amaly maslahatlary we barlaglary geçirmek, akademiki çärelere gatnaşmak üçin özara çakylyklary, makalalary, okuw we görkezme gollanmalaryny, okuw maksatnamalaryny alyşmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ediler. Bu Resminama gol çekilmegi iki dostlukly ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeň­leşdirer.


Hemragylyç NURMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa

 kafedrasynyň öwreniji mugallymy.