Talybymyz halkara bäsleşigiň ýeňijisi

2022-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlary we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça halkara bäsleşik geçirildi. Her ýyl geçirilýän bu bäsleşigiň sebitleýin tapgyry CAK4W ulgamy we ESCAPE bilen DKU-nyň Tebigy baýlyklar instituty tarapyndan guralýar. Bäsleşigiň birinji milli tapgyry Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk gullugynyň we Bütindünýä bankynyň hemaýatkärliginde Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda şeýle hem, ikinji sebitleýin tapgyry 3-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirildi. Bu halkara bäsleşik Durnukly ösüş maksatlarynyň “Suw baýlyklaryny toplumlaýyn dolandyrmak” (DÖM 6), “Howanyň üýtgemegi we arassa energiýa” (DÖM 7 we 13), “Senagatlaşma, innowasiýa we infrastruktura” (DÖM 9) ýaly üç tematiki bölümini öz içine alýar.

Ýeri gelende bellesek, bu halkara bäsleşikde institutymyzyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Serdar Rahymow “Howanyň üýtgemegi we arassa energiýa” atly ikinji tematiki bölümi boýunça birinji orny eýelemegi başardy. Ýeňiji taslamalar 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçiriljek halkara işewürlik forumynda görkeziler.

 

Kerim BAÝMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz! 

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66920/dom-boyunca-halkara-olimpiadasynda-turkmen-talyplary-mumkin-bolan-3-yenisden-2-sini-gazandylar


https://turkmenportal.com/tm/blog/52854/studenty-iz-turkmenistana-zanyali-dva-pervyh-mesta-na-mezhdunarodnoi-olimpiade-po-cur