Talyplarymyz “Ýaşlar baýragynyň” eýeleri

2022-nji ýylyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabarasy geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, döwrebap ylyma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýokary derejede geçirilen bu dabarada ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlar “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen ada mynasyp boldular. Olara degişli şahadatnamalar hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu abraýly baýraga eýe bolanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň  3-nji ýyl talyby Aýlar Atajykowa we 5-nji ýyl talyby Sona Halykowa dagylar bar. Ýokary okuw mekdebimiziň bu zehinli talyplary özüniň döredijilik işleri bilen Döwlet derejesindäki dürli medeni köpçülikleýin çärelere, bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Biz hem öz gezegimizde talyp deň-duşlarymyzy “Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri” atly abraýly baýragy bilen gutlap, okuwda hem-de döredijilikde täze üstünlikleri arzuw edýäris.

                                             

Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

 III ýyl talyby.


https://ashgabat.in/2022/11/22/diplomatiya-mekdebinin-talyplary-yaslar-bayragynyn-eyesi-boldular/https://ashgabat.in/2022/11/22/diplomatiya-mekdebinin-talyplary-yaslar-bayragynyn-eyesi-boldular/