Türkmenistan we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan duşuşyk

2022-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Metýu Klimou bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda institutyň rektory institutda hereket edýän okuw we ylmy merkezleri barada, şeýle hem iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky, dostlukly ýurtlaryň gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada giňişleýin gürrüň berdi. Mundan başga-da, taraplar Halkara gatnaşyklary instituty we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bilim maksatnamalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipler ara alyp maslahatlaşyldy.


Merdan BERDINYÝAZOW,

 Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy