MAGLUMAT ÄLEMINE TÄSIRLI GEZELENÇ

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 1-3-nji noýabry aralygynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde bize ýagny, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlaryna dostlukly ýurduň TASS habar gullugyna we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat we metbugat departamentinde baryp görmek nesip etdi.

TASS-a amala aşyrylan gezelenjiň dowamynda onuň taryhy, ýolbaşçylary, binagärlik aýratynlyklary we ýerine ýetirýän işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berildi. Aýratynam, TASS Russiýanyň öňdebaryjy döwlet habar gullugy bolmak bilen, üstümizdäki ýylyň 1-nji sentýabrynda 118 ýaşandygy, onuň 55 döwletde 58 wekilhanasynyň hereket edýändigi barada nygtaldy. Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmen döwlet habarlar agentligi we Russiýanyň TASS habar gullugy onlaýn formatda habarlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama  gol çekdiler. Ähtnama maglumat alyşmak çygrynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegi, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegi we özara tejribe alyşmagy maksat edinýär.

Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Maglumat we metbugat departamenti öz gezeginde Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň maglumat goldawyna, Russiýa Federasiýanyň daşary syýasaty, maglumat pudagynda halkara hyzmatdaşlygy meselelerine jogapkär bölümidir. Bu ýerde biz departamentiñ işiniň aýratynlyklary, usulyýet esaslary we işiniň sanlylaşdyryş nukdaýnazaryndan aýratynlyklary bilen tanyşdyk.

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýete goşulmak biziň üçin uly bagtdyr. Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge ähli zerur şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!


Töfe HOŞANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara jemagat hukugy ugrunyň magistranty.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!