Talyplaryň arasynda geçirilen akyl-paýhas bäsleşigi

2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň “Ýaş diplomatlar” ylmy-gurnagynyň agzalary gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar «Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary» atly tema boýunça özara bäsleşdiler.

Akyl-paýhas bäsleşiginde "Ýaş diplomatlar" ylmy gurnagynyň agzalary Abdullaýewa Mährijemal, Mämmedow Baýramhan dagylar ýeňiş gazanyp, Oguz hanyň altyn ýaýy bilen peýkamyna eýe bolmagy başardylar.

“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň diňe bir okuwçylaryň arasynda däl, eýsem, talyp ýaşlarymyzyň arasynda geçirilmegi olaryň taryha, medeniýete bolan gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.


Şasenem MEÝLISOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby,

 PÝÇ-niň I möwsüminiň ýeňijisi.