INSTITUTYŇ ÝEŇIŞLERINIŇ SANY ARTÝAR

Şu ýylyň 5-nji sentýabrynda A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus dili instituty tarapyndan GDA giňişliginde rus dilini goldamak ugrundaky iň gowy taslama işleriň bäsleşigini yglan edildi. GDA-da ýurtlaryň arasynda rus dilini ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek üçin iň oňat tejribeleri ýygnamak we seljermek bäsleşigiň esasy maksady boldy.

Dört ugurda (rus dili; Russiýanyň bilimi we medeniýeti; ýurtlaryň arasyndaky taryhy, medeni, ylmy, bilim, ykdysady gatnaşyklar; rus dilini öwretmegiň usulyýeti) geçirilen bäsleşigiň netijeleri 12-nji oktýabrda institutyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi. Bäsleşigiň netijelerine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary Tylla Babaýewanyň we Gülälek Çopanowanyň, şeýle hem halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Serdar Rahymowyň taslamalary GDA girýän ýurtlardan bolan beýleki gatnaşyjylaryň işleriniň arasynda ýeňiji boldy.

Ýeri gelende bellesek, Arkalaşygyň ýurtlarynda 2023-nji ýyl Milletara aragatnaşyk dili hökmünde rus diliniň ýyly diýlip yglan edildi. Bu başlangyç 14-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde beýan edildi we ol ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle-de Puşkiniň diliniň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.


Akgözel RASULOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.