“Hytaý + Merkezi Aziýanyň bäş döwleti” – durnuklylygyň we dostlukly ýurtlaryň ösüşiniň kepili

2022-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Pekin şäherinde “Hytaý we Merkezi Aziýa: bilelikdäki ösüşe tarap täze ýol” ady bilen konferensiýa geçirildi. Çäre Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň guramagynda geçirildi. Şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystanyň Strategik barlaglar instituty, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar milli instituty, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik we sebitara barlaglar instituty bilelikde gurnaýjylar hökmünde çykyş etdiler.

Garyşyk görnüşde, ýagny göni gatnaşyk we wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen iki günlük maslahatyň açylyşynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmesi okaldy. Soňra maslahat öz işini Hytaýda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň bilelikdäki ösüşiň täze ýollaryny agtarmaga we hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmäge bagyşlanan çykyşlary bilen dowam etdi.

Bilermenler öz çykyşlarynda ösüşiň häzirki tapgyrynda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleriniň her biri bilen aýratynlykda we sebit bilen umumylykda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny nähili tertipde ösdürüp biljekdigi baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler.

Türkmen tarapynyň çykyşynda sebitiň döwletleriniň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlygyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge ýetirýän oňyn täsiri bellenilip, onuň binýadynda global gün tertibindäki fundamental meseleleri çözmekdäki çemeleşmeleriň ýakynlygynyň ýa-da olaryň birek-birege gabat gelmeginiň durandygy nygtaldy.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda deňhukuklylygyň we adalatyň berjaý edilmeginiň, ýurtlaryň çäk bitewüligine hormat goýulmagynyň we özbaşdak döwletiň içerki işlerine goşulmazlygyň, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň, şeýle hem halkara terrorçylygyna, ekstremizme we beýleki wehimlere garşy göreşde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan görülýän täsirli çäreleri goldamagyň tarapdary bolup çykyş edýär.


 Strategik barlaglar boýunça ylmy merkez

Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67767/hytay-gosmak-merkezi-aziya-yurtlarynyn-basisi-formaty-sebit-durnuklylygynyn-serti