“Howanyň üýtgemegi hem-de çagalaryň muňa bolan garaýşy” atly 23-nji halkara çagalar forumy

2022-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Maşgala we durmuş ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) tarapyndan “Howanyň üýtgemegi hem-de çagalaryň muňa garaýşy” atly 23-nji halkara çagalar forumy geçirildi. Bu halkara foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. Aýjan Omarowa we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň talyby, şeýle-de Azerbaýjan, Albaniýa, Bolgariýa, Demirgazyk Makedoniýa, Gruziýa,  Gyrgyz, Italiýa, Maldowa,  Täjigistan ýaly Respublikalardan we Ukraina döwletinden ýaşlar hem gatnaşdylar.

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda “Howanyň üýtgemegi hem-de çagalaryň muňa bolan garaýşy” atly mowzuk esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkiýedäki wekili Regina De DOMINICIS ýolbaşçylygynda foruma gatnaşyjylaryň arasynda maslahat geçirildi. Forumda “Sebitde howanyň üýtgemegi”, “Ýaşlaryň ekologiýa bolan garaýşy”, “Howanyň üýtgemegi we ýaşlaryň hukuklary” hem-de “Howanyň üýtgemegi we bosgunlar” atly mowzuklar barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de bellenilen mowzuklar boýunça foruma gatnaşyjylar sorag-jogap alyşdylar.

Forumyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Maşgala we durmuş ministrligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (UNICEF) tarapyndan halkara foruma işjeň gatnaşan ýaşlara sowgatlar gowşurylyp, halkara forumyň ýolbaşçylary hem-de gatnaşyjylary bilen bilelikde ýadygärlik suraty düşürildi. 


Ýupar EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň

II ýyl talyby,

 Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçisi.