Hormatly myhman bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Çili Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rodrigo Enrike Arkos bilen duşuşyk geçirildi. Oňa Milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Ilçi Türkmenistan bilen Çili Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ýetilen sepgitler we durmuşa geçirilen işler barada, şeýle hem özüniň baý iş we durmuş tejribesi hakda gyzykly gürrüňler berdi. Myhman öz sözünde geljek ýylda Türkmenistan bilen Çili Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna  şanly 30 ýyl dolýandygyny  aýratyn nygtady.

Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda talyplar Ilçä özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler.


Döwletýar ARÇAMYRADOW,

Turkmenistan Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.


https://orient.tm/ru/post/48569/novyj-posol-chili-v-turkmenistane-pristupil-k-svoim-obyazannostyam