Türkmenistanyň Astrahan şäherindäki Konsuly bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkeziniň çäklerinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki Konsuly Nury Gölliýew bilen duşuşyk geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň biri bolan Astrahan şäherinde ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik edýän Konsul talyp ýaşlara diplomatik gullugyň kämil basgançaklary, daşary syýasatymyzdaky üstünlikler, dünýäde giň goldawa eýe bolýan Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, barha ýokarlanýan türkmen-rus gatnaşyklary barada anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň berdi.

Konsulyň belleýşi ýaly, Russiýa Federasiýasy hem-de onuň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Şol sebitleriň hatarynda ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Astrahan welaýaty bar. Bu sebit bilen ýurdumyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki Konsuly bilen geçirilen duşuşyk örän täsirli boldy. Nury Gölliýew talyplara dostlukly gatnaşyklar barada dürli gürrüňler berdi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berdiler  hem-de giňişleýin jogap aldylar.


Peristan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň  I ýyl talyby.