«Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň açylyş dabarasy

2022-nji ýylyň 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO  klubynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu açylyş dabara Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýörite edarasy bolan ÝUNESKO-nyň  işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän “Parahatçylygyň dilleri” ÝUNESKO  klubynyň  agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew myhmanlara bu klubyň ÝUNESKO-nyň  işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň ýardamy bilen döredilendigini belläp, talyplaryň bu klubyň işjeň agzalary hökmünde BMG-niň we ÝUNESKO-nyň parahatçylyk taglymatlaryny, maksatnamalaryny, konwensiýalaryny çuňňur öwrenijiler we wagyz edijiler boljakdyklaryna berk ynanýandygyny aýtdy. ÝUNESKO-nyň  işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa dabara gatnaşyjylara ÝUNESKO-nyň klublarynyň ýerine ýetirýän işleri, maksatlary we wezipeleri hakynda, dünýäde bu klublaryň orny hakynda gürrüň berdi. Institutymyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Aýna Baýmuradowa  «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO  kluby barada çykyş edip, täze açylan bu klubyň ýokary okuw mekdebimizde alyp barjak işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem dabara gatnaşyp, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO  klubynyň geljekde alyp barjak işleri barada içgin gyzyklandylar.


Batyr ESENOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

https://turkmengazet.com/yunesko-nyn-kluby-acyldy/

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66834/yurdumyzyn-dim-nin-halkara-gatnasyklary-institutynda-yunesko-nyn-kluby-acyldy