Doktor Çeril Bernard institutymyzda myhmançylykda

2022-nji ýylyň 22-nji awgustynda Owganystan boýunça maslahat beriji “Gryphon partners” kompaniýasynyň ýolbaşçysy, ozal ABŞ-nyň Owganystanyň meseleleri boýunça wekili bolup işlän Zalmaý Halilzadyň aýaly medeni mirasy gorap saklamak boýunça bilermen, doktor Çeril Bernard ýurdumyza saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna gelip, diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlaýan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň alyp barýan işi bilen içgin tanyşdy. Hormatly myhmana institutymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky 2318 belgili Kararyna laýyklykda döredilen Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň daşary syýasatynyň esasy ugurlary boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur öwrenmek esasynda, ylmy-seljeriş we maslahat beriş işini guramak barada merkeziň direktory, Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçi Şiri Aköýliýewiç Şiriýew gürrüň berdi. Institutyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Geldiýewna Ýusupowa Ýaş diplomatlaryň mekdebi 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap bakalawr maksatnamasy esasynda taýýarlygyň Halkara gatnaşyklary, Halkara ykdysadyýeti, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary, magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň Sanly diplomatiýa, Halkara jemagat hukugy, Halkara hususy hukugy ugurlary, 2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap bakalawr maksatnamasy esasynda taýýarlygyň Halkara hukugy ugry we magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň Gündogary öwreniş, Seljeriş we strategik meýilleşdiriş, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Hanym doktor Çeril Bernard institutda alnyp barylýan işler, öňde goýlan aýdyň maksatlaryň diňe bir ýurdumyzyň ýagty geljegi üçin bolman, eýsem halkara derejesinde hünärmenleri taýýarlamakda uly hem üstünlikli işleriň gözbaşy boljakdygyny belledi.



Maýa ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Dünýa dilleri kafedrasynyň mugallymy