Dawudyň nobatdaky täze ýeňşi

Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, sporty ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Türkmen türgenleriniň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çempionatlara gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Ine, şeýle ýaş türgenleriň biri-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby, sportuň karate görnüşiniň ussady, Dawut Nazmyradow. Dawut şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde geçirilen Halkara Banzai Cup Berlin 2022 sport ýaryşynda 31 döwletden jemi 1211 türgenleriň gatnaşmagynda sportuň karate görnüşinde 75 kg agram derejesi boýunça altyn we kümüş medallara eýe boldy. Ýeri gelende bellesek, ussat türgenimiziň mundan öň hem Türkiýe Respublikasynda, Horwatiýa Respublikasynda, Azerbaýjan Respublikasynda, Çili Respublikasynda we Italiýa Respublikasynda geçirilen sport bäsleşiklerinde ýeňişli orunlardan paýly boldy. Biz hem ýaş türgene şeýle ýeňişleriň höwrüniň köp bolmagyny we okuwynda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

 

Berdigylyç ÝAZMYRADOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.



Germaniýanyň Berlin şäherinde karate boýunça 17-nji gezek geçirilen «Banzai Cup» atly halkara ýaryş tamamlandy. Oňa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Şolaryň arasynda türkmenistanly karateçiler hem bar. Ýaryşyň jemi boýunça ildeşlerimiz medallaryň 13-sini gazandylar. Olaryň dördüsi altyn, ikisi kümüş, ýedisi bolsa bürünç medallardyr.

Türkmen ýygyndysynyň altyn medallaryny Öwezmyrat Sapardurdyýew («kata» görnüşi, 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda), Allanur Ýalkabow («kata» görnüşi, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda), Resul Atajanow («kumite» görnüşi, 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda) we Dawut Nazmyradow («kumite» görnüşi, ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde) gazandy.

Kümüş medallaryň ikisini hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dawut Nazmyradow gazandy. Has takygy, ol 75 kilograma çenli 21 ýaşdan uly türgenleriň arasynda we şol agram derejesinde açyk ýaryşda hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.

14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Perhat Atamyradow («kata»), ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde Baýry Baýryýew, 16 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 52 kilograma çenli agram derejesinde Erkin Taganow, 18 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 61 kilograma çenli agram derejesinde Rüstem Puhanow, ulularyň arasynda 60 kilograma çenli agram derejesinde Süleýman Garlyýew bilen Muhammetnur Annamuhammedow (ählisi hem «kumite» boýunça) bürünç medallara mynasyp boldular.

Ýene bir bürünç medaly Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy «kumite» görnüşi boýunça eýeledi.


Agageldi ITALMAZOW.

«Türkmenistan».

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/77013


Şeýle-de bu barada okap bilersiňiz:

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/76853

https://turkmenportal.com/tm/blog/51404/student-imo-mid-turkmenistana-stal-pobeditelem-mezhdunarodnogo-turnira-po-karate-v-germanii

https://turkmenportal.com/tm/blog/51406/turkmenskie-karatisty-uspeshno-vystupili-na-mezhdunarodnom-turnire-banzai-cup-v-germanii