Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk

2022-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkeziniň çäklerinde Türkmenistanyň  Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi  Orazmuhammet Çaryýew bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga institutymyzyň talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.

Ilçi halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryndan söz açyp, Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň netijesinde, şu geçen döwürde toplanan tejribe uzak möhletleýin esasda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmek üçin oňyn binýady emele getirýändigini belledi. Dostlukly, netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürýän ýurdumyz bu gurama girýän döwletler bilen köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýandygy we durmuş-ykdysady, ylmy-tehnologik, medeni-ynsanperwer we syýasy ugurlardaky işjeň döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde YHG-nyň işi dogrusynda gürrüň berdi.

Hormatly Ilçi Orazmuhammet Çaryýew duşuşykdaTürkmenistan häzirki döwürde ýokarda görkezilen maksatnamada ileri tutulýan wezipeleri durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleri hem-de YHG-nyň ylym we tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiniň bu ugurda alyp barýan işlerine ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Okuw sapagynyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde YHG-nyň  umumy kabul edilen kadalaryna daýanmak we Yslam ösüş bankyny gatnaşmaga çekmekligiň zerurlygy dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi. Geçirilen bu okuw sapagy talyplar üçin örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar, şeýle-de bilimlerini has-da kämilleşdirdiler.


Bägül MERDANOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara Žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.