Ýeňiji talybymyzy gutlaýarys

Ýakynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly” ady bilen ylgan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda  Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy  hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu döredijilik bäsleşigine dürli ýaşdaky raýatlar gatnaşdylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan gatnaşyjylaryň arasynda institutymyzyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Aýlar Atajykowa hem bar. Biz  ýeňiji bolan talyp deň-duşumyzy bu gazanan nobatdaky üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa geljekde hem döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris.


Kakajan KAKAJANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/89100 


https://turkmenportal.com/tm/blog/56145/turkmenistan-gazeti-doredijilik-basleshigini-jemledi