Almatyda geçirilen forumda bilermenler terrorçylyga garşy strategiýany ara alyp maslahatlaşdylar

2022-nji ýylyň 28-30-njy sentýabrynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň we Terrorçylyga garşy göreş merkeziniň bilelikde guramagynda “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmekde Jemgyýetçilik guramalarynyň orny” atly forum geçirildi.

Forumyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary -  Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan döwletleriniň degişli guramalaryndan we halkara guramalaryndan resmi wekiliýetler, şeýle hem garaşsyz bilermenler gatnaşdylar.

Forumda terrorçylyga we we zorlukly ekstremizme garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňünde duran ýeňil bolmadyk meseläniň hötdesinden gelmek üçin jemgyýetçilik guramalarynyň orny barada maslahat edildi. Hususan hem döwrümiziň  elhenç wehimi bolan terrorçylyga we radikalizme garşy amala aşyrylýan herekete raýat jemgyýetini çekmegiň zerurdygy, beýle usulyň aýratyn hem ýaşlarda ekstremizmden şahsy goraglylygyny emele getirmek we berkitmek boýunça raýat jemgyýetçilik guramalarynyň mümkinçilikleriniň has giň ulanylyp bilinýändigi aýdyňlaşdyryldy. Özara pikir alyşmalaryň dowamynda gatnaşyjylar ektremizme garşy göreşde öz tejribelerini mysallar arkaly paýlaşdylar.

Maslahata gatnaşanlaryň ählisi Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen sazlaşyklykda amala aşyrylýan milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmekde raýat jemgyýetiniň gatnaşygyny ýokarlandyrmagyna gönükdirilen beýle forumlaryň ähmiýetniň uludugyny biragyzdan tassykladylar. 


Döwletmyrat MÄMMEDOW

TDIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar

 boýunça ylmy merkeziniň ylmy işgäri.