Talyplarymyzyň döredijilik üstünlikleri

2022-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny höweslendirmek, şeýle-de halk köpçüligine ýakyndan ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Biznes reklama» gazetiniň bilelikde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli yglan eden «Hoş habar» we «Hoş surat» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mätgurban Mätgurbanow «Hoş habar» ugry boýuna I orna, 5-nji ýyl talyby Sona Halykowa şol ugur boýunça II orna mynasyp boldular. Şeýle-de institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby Mahym Annadurdyýewa «Hoş surat» ugry boýunça II orna, Aýläle Hemranazarowa bolsa III orna mynasyp boldular.


Jahantäç ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.