“Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Durnukly ösüş maksatlaryny ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda düşündirmek, şeýle hem durnukly ösüş maksatlary baradaky bilimleri, gazanylan tejribäni wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda belleniljek Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlap, degişli ministrlikleriň, ylym-bilim edaralaryň wekilleriniň, durnukly ösüş maksatlarynyň Ýaş ilçileriniň, mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, magistrleriň, mugallymlaryň, aspirantlaryň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda geçiriljek “Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat. 

“Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli tejribesi” atly ylmy-amaly maslahatyna tabşyryljak makalalary we olaryň annotasiýalaryny resmileşdirmeklige 

TALAPLAR

1. Ylmy maslahata makala türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürlenip bilner. Makalada esasy dilden beýleki iki dilde annotasiýalary goşulýar we olaryň terjimeleri tassyklanan bolmaly.

2. Maslahata gatnaşyjy diňe bir makala hödürläp biler we makalanyň ikiden köp awtory bolmaly däldir. Makalada awtor (awtorlar) tarapyndan geçirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri beýan edilmelidir.

3. Makalanyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda, 6 sahypadan geçmeli däldir, annotasiýalarynyň her biriniň möçberi A4 formatda 0,5 sahypa çenli bolmaly.

4. Makalanyň we annotasiýalaryň sahypalary belgilenilmeýär.

5. Makalanyň teksti Times New Roman şrifti bilen ýazylmaly we bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:

  •  awtoryň (awtorlaryň) ady, familiýasy (dolulygyna) we wezipesi gözkezilmeli setiriň sag tarapy boýunça deňlemek bilen 14­­-lik şriftde goýygara ýazmaly;
  • makalanyň ady  baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty 16-lyk şriftde goýygara görnüşde ýazylmaly;
  • makalanyň galan bölegini ýazmazdan ozal 1 setir goýbermeli;
  • makalanyň we annotasiýalaryň esasy mazmuny 14 ölçegdäki adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Setirleriň arasy 1-lik ölçegde bolmaly;
  • Matematiki formulalar kompýuterde degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly;
  • sahypa ölçegi: ýokary we aşak taraplarda — 2,0 sm, çep tarapda — 2,5 sm, sag tarapda — 1,5 sm.
  • Edebi çeşmeleriň salgylanmalary nutugyň beýanynda inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1], [2], [3—5] we ş.m. Edebiýatlaryň sanawy nutugyň gysgaça beýanynyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝATLAR diýen sözbaşy ýazylmaly.

6. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda makala şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeginden çykmaly däl, şrifti bolsa 14 pt-dan az bolmaly däl. Makalanyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 6 sahypadan geçmeli däldir.

7. Makala we annotasiýalar diňe Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).

8. Makala kabul edilenden soňra awtor tarapyndan hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.

9. Kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.

10. Makala awtoryň işleýän (okaýan) edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen ugradylmaly.

11. Hata hökmany suratda makalanyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri hem goşulmaly.

12. Elektron faýllary arhiwirlemeli däl!

13. Makalalaryň derwaýyslygy esasynda saýlamak hukugyny guramaçylyk topary özünde saklaýar.

Makalalar 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryna çenli kabul edilýär. 

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy

Institutyň resmi web saýty: https://iirmfa.edu.tm/

Habarlaşmak üçin: +993-12-22-68-51; +993-64-62-05-47

Ylmy-amaly maslahat üçin email salgy: sdgcentre40@gmail.com