“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigi

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigini gurnamak we geçirmek hakyndaky 

DÜZGÜNNAMA  

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, döwrebap žurnalistikany ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 23-nji fewralynda hem-de 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda internet žurnalistikasyny, fotožurnalistikany ösdürmek boýunça beren tabşyryklaryny durmuşa geçirmek, talyp ýaşlarda öz hünärine bolan höwesini artdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.  


1. Umumy Düzgünler


Şu Düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda “Fotožurnalistika” bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçýän şertlerinde ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny  ulanmakda zehinlerini we başarnyklaryny açyp görkezmekde ukyplydygyny görkezer.  

Bäsleşikleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.


Bäsleşigiň  maksady:

a) hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli parahatçylyk dörediji daşary syýasy başlangyçlarynyň netijesinde Bitarap Türkmenistanyň ýeten ýokary halkara abraýyny şöhlelendirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady depginini fotosuratlarda, şekillerde şöhlelendirmek, teswirlemek;

b) hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralyndaky beren tabşyrygy esasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika we beýleki hünärlerde okaýan talyplarynyň arasynda internet žurnalistikasyna we fotožurnalistika bolan garaýyşlaryny, aň-düşünjelerini giňeltmek,  ösdürmek bilen bir hatarda, tebigata, ýurdumyza, geçmiş taryhymyza hormat-söýgüni döretmek;

ç) fotožurnalistikanyň fotoreportaž, fotooçerk, fotokorrespondensiýa  we beýleki žanrlarynda surata düşürmek endiklerini kämilleşdirmek;

d) žurnalistikanyň täsirli görnüşi bolan fotožurnalistikany ösdürmek;

e) talyp ýaşlarda öz kärine bolan höwesini, hakyky fotosuraty düşürmek ukybyny ösdürmek;

ä) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary berkitmek we hünärine garamazdan, islendik talypda bar bolan fotožurnalistika bolan ukybyny ýüze çykarmak;


Bäsleşigiň  wezipesi:

a) hünärine ökde, ussat hem-de höwesjeň fotožurnalistleri taýýarlap ýetişdirmek;

b) häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan  gyzyklanmany döretmek;

c) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;

d) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak;

 

Bäsleşige ugradylýan suratlar şular esasynda bahalandyrylar:

a) bäsleşige ugradylan suratyň çarçuwasyna girýän desgalar;

b) suratyň çarçuwasyna ýerleşdirilen paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi;

c) suratyň tema bilen sazlaşygy;

d) bäsleşige ugradylan suratyň reňk sazlaşygy;

e) suratyň reňk öwüşginleri;

f) düşürilen suratyň aňladýan belli bir garaýşy we manysy;

g) suratyň düşüriliş tarapy. 


2. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

2.1. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fotožurnalistika bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk we Eminler topary döredilýär.

Guramaçylyk topary:

ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fotožurnalistika bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

Eminler topary:

ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan gelip gowşan suratlara bellenilen talaplar boýunça adalatly bahalandyryp, ýeňijileri kesgitleýär.


3. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

3.1. Bäsleşik ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp biler.

3.2. Her bir gatnaşýan talyp hgi.hzdek@gmail.com elektron poçtasy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak 2021-nji ýylyň 10-njy noýabryndan 3-nji dekabry aralygynda dowam edýär.

3.3. Bäsleşik I we II derejede geçiriler:

I derejä – žurnalistika hünärinde okaýan talyplar gatnaşyp biler;  

II derejä – islendik hünärinde okaýan talyplar  gatnaşyp biler;

3.4. Bäsleşige gatnaşyljak suratyň temasy: “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”;

a)  “Kuwwatly döwletiň bagtyýar ýaşaýjylary”;

b) “Ösüşler ýurdunyň kämil ýaşlary”;

ç) “Aşgabat – dünýä parahatlyk paýlaýan şäher”;

d) “Arkadagyň binagärlik sungaty”;

e) Millilik we taryh.

3.5. Bäsleşige gatnaşýan talyp bellenen internet sahypasyna öz salgylanmasyny ugratmaly; ugradan salgylanmalaryna her bir gatnaşyja belli bir ID nomer mysal üçin: 001 berler we şol ID-ni suratyň adyna ýazyp, öz düşüren suratyny ugratmaly. Eger dalaşgär diňe 1 surat hödürleýän bolsa, 001.JPG görnüşde, eger birnäçe surat hödürleýän bolsa ID nomeriň yzyna hödürleýän surat sanyna görä belgi goýup ugratmaly. Mysal üçin: 001_1.jpg, 001_2.jpg, ............. 001_5.jpg görnüşinde hgi.hzdek@gmail.com adresine we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna CD/DVD disklerine ýükläp ugratmaly.

3.6. Bäsleşige gatnaşýan talyp suraty özbaşdak düşürmeli, göçürilen bolmaly däl. Surat awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly; eger-de surat plagiat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar.

3.7. Bäsleşige gatnaşýan talyp bäsleşige birnäçe surat hödürläp biler. Hödürlenýän suratlar guramaçylyk toparynyň hgi.hzdek@gmail.com elektron poçtasyna 2021-nji ýylyň 3-nji dekabryna çenli ugradylmaly. Bäsleşige hödürlenýän suratlar ozal hiç bir ýerde çap edilen ýa-da ýerleşdirilmedik bolmaly.

3.8. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümi ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynyň wekillerinden, halypa fotožurnalistlerden düzüler. Eminler toparynyň düzümini we onuň başlygyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory tassyklaýar.

3.9. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär. 

3.10. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

3.11. Arz-şikaýatlara eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däldir.


4. Talyplaryň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly fotožurnalistika

bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

 

4.1. Bäsleşigiň netijesi eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär.

4.2. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

4.3. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler (1-nji we 2-nji derejeler boýunça diplomlar) gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

4.4. Bäsleşikde baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik, ýöne baýrakly orunlara dalaş eden fotosuratlar höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylar.

4.5. Ýeňijileriň fotosuratlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň www.iirmfa.edu.tm resmi saýtynda ýerleşdiriler.


Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlary (talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi, okaýan ýyly we hünäri) we bäsleşige tabşyryljak makalalary institutyň hgi.hzdek@gmail.com e-mail salgysy arkaly kabul etmek 2021-nji ýylyň 10-njy noýabryndan başlap,

3-nji dekabryna çenli aralygynda amala aşyrylar.

Habarlaşmak üçin:

Tel: +993 12 226852,

Mail: hgi.hzdek@gmail.com


Fotosuratlarda – Bitarap Türkmenistan (turkmenistan.gov.tm)