"Parahatçylygyň ýaş çaparlary" atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylary üçin saýlap alyş test synagy barada BILDIRIŞ

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  Ýaş diplomatlar mekdebinde 2022-2023-nji okuw ýylynyň dowamynda geçiriljek”Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylary üçin saýlap alyş  test synagynyň  2022-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda 15:00-da “onlaýn” görnüşde geçiriljekdigini mälim edýäris.

Test netijeleri boýunça iň oňat netijeleri görkezen dalaşgärler öňde duran bäsleşik tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazanarlar.


Testler şu salgylarda ýörite bellenilen otaglarda guramaçylykly görnüşde geçiriler:

1) Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty;

2) Balkan welaýaty boýunça -  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde;

3) Lebap welaýaty boýunça - S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

4) Daşoguz welaýaty boýunça -  Türkmen oba hojalyk institutynda;

5) Mary welaýaty boýunça - Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda.


Test üç ugur boýunça geçiriler:

a) Iňlis dili;

b) Dünýä taryhy;

c) Zehin-paýhas we häsiýet-psihologiki taýdan ukyp-başarnygy ýüze çykarmak.


Test 50 soragdan ybarat bolup, olary çözmäge 60 minut wagt berler.


Guramaçylyk topary

Habarlaşmak üçin: parahatchylygynchaparlary@gmail.com


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz! 

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67177/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-akyl-payhas-baslesigine-cakylyk