“Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalarynyň arasynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigini geçirmegiň

TERTIBI

1. “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigini geçirmek boýunça bildiriş yglan edilýär we ol institutyň web-saýtynyň bildirişler bölüminde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň www.yashlar.gov.tm web-saýtynda hem-de “Nesil” gazetinde ýerleşdirilýär.

2. Bäsleşige Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary (IX-XI synplar) gatnaşyp bilerler.

3. Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýaşlara  “Diplomatiýa – meniň arzuwym”,  “Diplomatiýa – parahatçylyk guraly”, “Türkmen halkynyň taryhy – parahatçylygy dörediji diplomatiýanyň nusgasy” atly  temalar  ýa-da özbaşdak saýlanyp alnan degişlilikdäki derwaýys tema  boýunça 5-10 sahypa (A4 format, 1,5 interwal) möçberindäki erkin žanrda ýazylan ylmy-döredijilik işini HGI-niň parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşinde ibermek teklip edilýär. Bu talaplar “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigini geçirmek boýunça bildirişde görkeziler.

4. Bäsleşige gatnaşmak işleýän ýaşlara olaryň  ylmy-döredijilik işleriniň ýany bilen özleri baradaky gysgaça maglumatlaryny — adyny we familiýasyny, öý salgysyny, okaýan mekdebini, telefon belgisini, terjimehalyny, okuw we döredijilik, olimpiadalardaky, sport ýa-da beýleki bäsleşiklerdäki üstünlikleri, gyzyklanýan temalary barada maglumatlary, şeýle hem resminama üçin 3×4 ölçegli suratyny parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşinde ibermek teklip edilýär;

5. Bäsleşige hödürlenjek ylmy-döredijilik işlerini kabul etmek şu bildirişiň çap edilen senesinden başlap, üç hepdäniň  dowamynda kabul ediler;

6. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren dalaşgärleriň deslapky topary ylmy-döredijilik  işlerini seljermek we olara baha bermegiň iň oňat netijeleri boýunça kesgitlener;

7. Saýlanyp alnan dalaşgärler bäsleşige gatnaşmak üçin TDIM HGI-niň ýörite studiýasyna çagyrylar;

8. Bäsleşik tapgyrlaýyn esasda:

I. 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň birinji ýarymynda;

II. 2022-nji ýylyň fewral aýynyň birinji ýarymynda;

III. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda;

IV. 2022-nji ýylyň fewral aýynda;

V. 2022-nji ýylyň mart aýynda;

VI. 2022-nji ýylyň mart aýynda;

VII. 2022-nji ýylyň aprel aýynda;

VIII. 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriler. Her tapgyrdan iki ýeňiji saýlanyp jemleýji tapgyra gatnaşmaga hödürlener.

9. IX we X tapgyrlara mundan öňki sekiz tapgyrda ýeňiş gazanan iki ýeňiji gatnaşar. Jemleýji XI tapgyra IX we X tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşar we olaryň arasynda baş baýraga, I, II we III orunlara mynasyp bolanlar kesgitlener.

10. Jemleýji tapgyrda I orun alana degişli Kubok, diplom we gymmatbaha sowgat  gowşurylar. II we III orun alanlara degişli diplomlar we gymmatbaha sowgatlar gowşurylar. Jemleýji tapgyra gatnaşan beýleki dalaşgärlere ýadygärlik üçin Minnetdarlyk haty we höweslendiriji sowgat gowşurylar.

11. Bäsleşigiň tapgyryny geçirmegiň Tertibi (ssenariý), dalaşgärleriň gatnaşmagy bilen bagly guramaçylyk işleri, kubok, diplomlar we sowgatlar bilen bagly maliýe çykdajylary, eminler gözegçiligi, sorag bermek we jogap bermek, olara baha bermek we ýeňijileri kesgitlemek, teleýaýlymda görkezmek ýaly meseleler aýratyn görnüşde kesgitlener we beýan ediler.

https://www.yashlar.gov.tm/item/3390

https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=7142

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/57798/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-akyl-payhas-baslesiginin-gecirilyandigi-yglan-edilyar