“History of UN Preventive Diplomacy” atly iňlis dilinde düzme bäsleşigi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli “History of UN Preventive Diplomacy” atly iňlis dilinde düzme bäsleşigini guramak we geçirmek hakyndaky 

DÜZGÜNNAMA  

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanan Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny hem-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, talyp ýaşlarda daşary ýurt dillerine bolan höwesini artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli “History of UN Preventive Diplomacy” atly iňlis dilinde düzme (essay writing) bäsleşigini geçirmek üçin Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. 


Umumy düzgünler


Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Watana, halkymyza, Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde orta çykýar. Ýurdumyzyň dil syýasatynda döwlet dili bolan türkmen dili bilen bir hatarda ýörgünli daşary ýurt dili bolan iňlis diline uly ähmiýet berilýär.

Daşary ýurt dillerini bilmegiň özi maglumat tehnologiýalaryndan erkin peýdalanmaga, şahsyýetiň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ösüş depgini, ozaly bilen, ýurdumyzyň sebit we dünýä möçberindäki taslamalara işjeň gatnaşmagy bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da, durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri we sepgitleri, milli mirasy, maddy we ruhy gymmatlyklary wagyz etmekde hem daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýeti uludyr. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dil bäsleşigini geçirmek Türkmenistanyň sanly bilim ulgamyna doly geçendigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyplydygyny görkezer.

Bu bäsleşigiň BMG-niň güni mynasybetli geçirilýän hepdeliginiň çäklerinde geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmakda we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýardam eder.


Bäsleşigiň  maksady

 

1) Talyplaryň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak, ukyplaryny artdyrmak;

2) Talyplaryň BMG-niň resmi dilleriniň biri hem-de diplomatiýanyň dili hökmünde iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak;

3) BMG-niň ulgamy we BMG-niň alyp barýan işleri barada talyplaryň bilimlerini artdyrmak;

4) Talyplaryň iňlis dilinde ýazuw endiklerini  ösdürmek.


Bäsleşigiň  wezipesi

 

1) Talyplarda dil endiklerini ösdürmek;

2) Häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan gyzyklanmany döretmek;

3) Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual derejelerini ýokarlandyrmak;

4) Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriniň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.


Bäsleşigiň şertleri


1) Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplary gatnaşyp biler;

2) Bäsleşige gatnaşmak isleýän ýaşlara iňlis dilinde “History of UN Preventive Diplomacy” temasy boýunça düzme ýazmak (700-800 söz ölçeginde, Times New Roman, 1.5 interwalda, 14 şriftli bolmaly);

 

Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

 

1) Bäsleşige gatnaşmak isleýän talyplar berlen ýumuşlar bilen özleri barada gysgaça maglumatlaryny – adyny we familiýasyny, ýokary okuw mekdebini, telefon belgisini, e-mail salgysyny şeýle hem 3x4 ölçegli suratyny hgiddkafedra429@gmail.com elektron salgysyna elektron tekst görnüşine ibermeli.

2) Her bir gatnaşýan talyp institutyň elektron salgysy arkaly hasaba alynmalydyr. Gatnaşyjy bellenen salga adyny, familiýasyny, ýokary okuw mekdebiniň adyny, hünärini ýazyp ýollamaly.

3) Bäsleşige hödürlenjek işler şu bildirişiň yglan edilen senesinden başlap, 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabryna çenli kabul ediler.


Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

 

1. Bäsleşigiň netijesi 2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ongünlüginde eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlener.

2. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanar.

3. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler boýunça sylaglanarlar.




Habarlaşmak üçin:

Tel: +993 12 226876; +993 65 637823.

 E-mail: hgiddkafedra429@gmail.com.


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty talyplaryň arasynda bäsleşik yglan etdi (orient.tm)