Himiýa boýunça Halkara internet Olimpiadasy geçirilýär

Himiýa boýunça Halkara internet Olimpiada   

 Hoş geldiňiz

Hasaba alyş möhleti 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda 18:00-da ýapylýar. 

 Synag güni noýabr aýynyň 14-17-ne


Olimpiadanyň maksady:

-“Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek;

-Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;

-Zehinli ýaşlaryň dünýäniň himiýa boýunça ylym-bilim edaralary tarapyndan gazanylan öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek we usulyýet esaslaryny ornaşdyrmak, ýaşlaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da kämilleşdirmek;  

-Häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly “Himiýa” dersine degişli bolan nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek.


Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi

Olimpiada ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň talyplary gatnaşyp bilerler. 

Olimpiadanyň resmi iş dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir  

Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebiniň talyplary 2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda 18:00-a çenli https://www.tdu.edu.tm web sahypasyndaky “Olimpiada - 2022” bölüminde https://olimp.tdu.edu.tm sahypada olimpiada degişli bolan resminamany doldurmaly we gatnaşyjy agza bolmaly.


Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşik görnüşde geçiriler. Şahsy bäsleşik A we B derejede geçiriler:

a)A derejä himiýa hünärinde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler;

b)B derejä hünäri himiýa bolmadyk talyplar gatnaşyp bilerler (isleg bildirýän talyp A dereje boýunça gatnaşyp biler);    

ç)Toparlaýyn bäsleşige degişli ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşyjylaryň orta bahasy boýunça netije çykarylyp jemlenýär.    

Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen elektron salga ýüz tutmaga hukugy bardyr.


Olimpiadasynyň geçirilişi barada

GÖZÜKDIRIJI

1.Olimpiada gatnaşyjy ýany bilen diňe ýazuw esbaplaryny, ýagny ruçka we galam alyp biler;

2.Olimpiada gatnaşyjylar kalkulýatordan peýdalanyp bilerler;

3.Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe olimpiada degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli;

4.Kompýuterler we web-kameralar üznüksiz internet toruna birikdirilen bolmaly;

5.Olimpiada geçirilýän döwri talyplara gürleşmek, biri-birine zat geçirmek, öýjükli telefonlardan we beýleki habar beriş serişdelerinden peýdalanmak gadagan edilýär;

6.Olimpiada gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda degişli soraglary bilen olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýa-da kompýuter otagynyň tehniki işgärine ýüz tutup biler;

7.Olimpiadanyň ýumuşlary himiýanyň dürli ugurlary boýunça test görnüşinde beriler;

8.Olimpiadanyň dowamlylygy 180 minut. Bellenilen wagt tamamlanandan soňra jogaplar kabul edilmeýär we Оlimpiada degişli programma üpjünçiligi awtomatiki ýagdaýda ýapylýar.


Ýokarda görkezilen düzgünler bozan gatnaşyjynyň internet olimpiadasyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylmagy eminler toparynyň garamagyna goýulýar.


Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi 

Olimpiadanyň netijesi şahsy we toparlaýyn bäsleşikde toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär.

Olimpiadanyň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi kesgitlenilýär.

Olimpiadanyň ýeňijileri 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.

Ýeňijileriň umumy sany gatnaşyjylaryň 50%-inden geçmeli däldir. Diplomlar 1:2:3 gatnaşykda bolmaly.

Baýrakly orna mynasyp bolup bilmedik, ýöne öz ýokary okuw mekdebinden iň ýokary netije görkezen talyp höweslendiriji Hormat haty bilen sylaglanylar.


Habarlaşmak üçin:

Tel: +993-12-398601, +993-64-050124, +993-61-116326;

Elektron salgysy: olimptsu@gmail.com 


Çeşme şu ýerden alnan:
https://www.tdu.edu.tm/?/IMM/OLIMPIADA%20-%202022/&page=31&/ 
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67438/himiya-boyunca-halkara-olimpiadasy-geciriler 
https://ashgabat.in/2022/10/29/uns-berin-himiya-boyunca-halkara-internet-olimpiadasy/