2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTY

2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

 

1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş).

2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy).

3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Okuwlar tölegli esasda türkmen dilinde alnyp barylýar. 

 

Instituta taýýarlygyň:

- “Sanly diplomatiýa” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniştaryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa informatika we hasaplaýyş tehnikasy, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, ykdysady kibernetika, maglumat howpsuzlygy, sosiologiýa   çygrynda;

- “Seljeriş we strategiki meýilleşdiriş” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa çygrynda;

- “Gündogary öwreniş” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, geografiýa, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa, Gündogar dilleri we edebiýaty (türkmen, türk, arap, pars, hytaý, ýapon, koreý, hindi )çygrynda;

- “Halkara hususy hukugy” we “Halkara jemagat hukugy” ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwrenişykdysady hukugy, maliýe hukugy, ykdysadyýet we hojalyk hukugy;

- “Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy” ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalistikasy, internet žurnalistikasy çygrynda.

ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 12 — 13-ne geçirilýär.


Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:


taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş – halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we iňlis dili;

taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy – halkara hukugynyň nazaryýeti we iňlis dili;

taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy – žurnalistikanyň nazaryýetiniň esaslary we iňlis dili

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara  gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25;

Tel.: 22-68-50.

Web-saýt: www.iirmfa.edu.tm

Elekton-poçta: iirmfatm@sanly.tm; iirmfa@iirmfa.edu.tm


Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz! 

https://orient.tm/tm/post/38750/turkmenistanyn-dim-nin-hgi-talyplyga-kabul-edis-mowsumine-baslayar


https://orient.tm/tm/post/38741/turkmenistanyn-dasary-isler-ministrliginin-halkara-gatnasyklary-instituty-20222023-nji-okuw-yyly-ucin-talyplyga-kabul-edyar


https://salamnews.tm/section/dalasgar-2022/yokary-hunar-bilimi/turkmenistanyn-dasary-isler-ministrliginin-halkara-gatnasyklary-instituty-79515b


https://iirmfa.edu.tm/new/milli-diplomatiyanyn-ylmy-binyady-kamilligin-taze-gozyetimleri


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/72253


https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64946/yurdumyzyn-yokary-mekdeplerine-kabul-edislik-dowam-edyar