"Parahatçylygyň ýaş çaparlary" atly bäsleşiginiň II möwsümi başlaýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň bäsleşikleriniň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky  II möwsüminiň başlanýanlygyny mälim edýäris. Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň bäsleşikleriniň II möwsümiň oýunlary 4 tapgyrda we ahyrky final tapgyrda geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu möwsümiň umumy şygary «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» diýlip  atlandyrylar.


Tapgyrlaýyn oýunlaryň temalary:

I tapgyryň temasy:

«Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri»;


II tapgyryň temasy:

«Gadymy Hytaý we Uzak Gündogar siwilizasiýalary: köpdürli medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty»;


III tapgyryň temasy:

«Gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň medeni-diplomatiki mirasy: Ýakyn we Orta Gündogar üçin parahatçylyk sapaklary»;


IV tapgyryň temasy:

«Gadymy Ariý we Hindistan siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak binýatlary».


Final oýnunyň temasy jemleýji häsiýetli bolar we aýratyn kesgitlener.

Dalaşgärleri saýlap alyş synagynyň geçiriljek wagty, şertleri we tapgyrlaýyn oýunlaryň seneleri goşmaça habar berler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep okuwçylary özleri baradaky maglumatlary 2022-nji ýylyň 10-njy oktýabryna çenli möhletde şu e-mail salga ibermeli: parahatchylygynchaparlary@gmail.com

Maglumatlar esasan şu meseleleri öz içine alyp biler:

1. Şahsy maglumatlary (mekdep formasynda düşen 3x4 suratyny hem goşmaly);

2. Okuwda, döredijilikde we bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri (Döwlet we halkara bäsleşiklerindäki sertifikatlarynyň skanirlenen elektron nusgasy);

3. Bilýän hem-de öwrenmegi dowam etdirýän daşary ýurt dilleri (degişli sertifikatlarynyň skanirlenen elektron nusgasy);

4. Gyzyklanýan bilim ugurlary, gowy görýän güýmenjeleri we ş.m.


Guramaçylyk topary



Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz! 

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/66415/second-season-project-young-heralds-world-starts

https://turkmenportal.com/tm/blog/52439/imo-mid-turkmenistana-obyavil-o-nachale-vtorogo-sezona-konkursa-yunye-vestniki-mira

https://ashgabat.in/2022/09/21/parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-baslesigin-ii-mowsumi-baslayar/