“Baýram han Türkmen – görnükli şahyr, döwlet işgäri we diplomat” atly bäsleşik

 “Baýram han Türkmen – görnükli şahyr, 

döwlet işgäri we diplomat” atly bäsleşigiň  

DÜZGÜNNAMASY

 

Türkmen halkynyň döwletlilik taryhynyň, onuň diplomatiýasynyň taryhynda

mynasyp yz galdyran beýik taryhy şahslaryň biri, hanlar hany derejesini alan türkmen serkerdesi, meşhur şahyry, diplomaty - Muhammet Baýram han Türkmendir. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti: “Şahyranalyk we pelsepewi paýhas bitewiligi, ynsanyýetiň waspy we adam mertebesini ýokary götermek hakyndaky müň öwüşgünli garaýyşlar şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ynsanperwerligiň, dostlugyň, ýagşylygyň, gözelligiň waspnamasy hökmünde umumadamzat şygryýet hazynasyna giren Baýram hanyň edebi mirasy biziň buýsanjymyzdyr” diýip nygtaýar.

Beýik Mogollar imperiýasynyň esaslandyrylmagyna hem-de onuň orta asyrlaryň kuwwatly döwletine öwrülmegine şahsy goşandyny goşan Baýram han Türkmen Hindistan bilen Orta Gündogaryň döwletleriniň arasynda parahatçylygyň berkarar bolmagy, uruşlaryň öňüni almak, özara oňşuklylyk ugrunda uly işleri bitiren beýik diplomat hökmünde taryha girdi. Bu ýörelgeler XXI asyryň çylşyrymly geosyýasy şertlerinde hem möhüm ähmiýete eýedir.  Baýram han özüniň diplomatik ussatlygy bilen öňüni alyş diplomatiýasynyň naýbaşy ýörelgeleriniň kemala gelmegine mynasyp goşandyny goşdy.

Häzirki zamanyň halkara gatnaşyklarynyň özeninde goýlan beýik ynsanperwer ýörelgeleriniň kemala gelmegine öz goşandyny goşan meşhur diplomatlaryň, döwlet işgärleriniň mirasyny öwrenmek, diplomatlarda, halkara gatnaşyklary ugrundan ýetişdirilýän hünärmenlerde ata-babalarymyzyň diplomatik mirasyna sarpa goýmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty “Baýram han Türkmen – görnükli şahyr, döwlet işgäri we diplomat” atly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, magistrleriň, aspirantlaryň, ýaş mugallymlaryň arasynda bäsleşigi yglan edýär.


 I. Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.

  • Bäsleşigiň esasy maksady:
  • Baýram han Türkmeniň durmuş we döredijilik ýoly hakynda bilimleri we düşünjeleri artdyrmakdan;
  • Halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekden;
  • Türki dilli halklaryň meňzeşligini, dinini, dilini, öňki nesilleriň toplan özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap galan şöhratly we baý mazmunly geçmişini, şeýle hem dünýäniň dürli sebitlerinde ýaşaýan türki dilli halklaryň umumy etniki, ruhy we taryhy kökleri bilen birleşendigini hem-de gatnaşyklarynyň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini öwrenmekden;
  • Ylmyň köp ugurlaryndan baş çykaran, adamzat taryhynda öçmejek yz galdyran hakyky türkmen diplomaty barada halkara gatnaşyklary ulgamynda bilim alýan her bir ýaşlaryň diňe bir türkmen alymlarynyň däl, eýsem daşary ýurtly bilermenleriň näderejede ýokary baha bermeklerine mynasyp bolandyklaryny içgin öwrenmekden, olaryň asyl dilde ýazylan çeşmelerini gözläp tapmakdan, öwrenmekden, nusga edinmekden, öz hünärleriniň hakyky eýesi bolmaklyga bolan ymtylyşy, içki güýji kemala getirmekden;
  • Geljekde ýurduň abraýyny gorajak, ata-babalarymyzdan bize miras galan ajaýyp ýol-ýörelgelerimize ygrarly bolup, halkyň abraýyna abraý goşjak ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan;
  • Dürli dillerde: türk, pars, hindi, urdu dillerinde ýazan görnükli eserleri bilen, ägirt uly imperiýanyň düzüminde ýaşan halklaryň özara gatnaşygyny berkitmek hem ebedileşdirmek, medeniýetleri ýakynlaşdyrmak ugrunda dostluk köprüsiniň ilkinji ädimlerini äden şahsyýetiň öňüni alyş diplomatiýasynda ulanan nusgalyk usullaryny wagyz etmekden ybaratdyr.


II. Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary, magistrleri, ýaşy 30-dan uly bolmadyk ýaş mugallymlary, aspirantlary, ylmy işgärleri özüniň ýa-da awtordaşlykda ýazan, öň hiç ýerde çap edilmedik türkmen, rus, iňlis dillerindäki ylmy makalalary bilen gatnaşyp bilerler.

  • Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler ylmy makalalaryny 2022-nji ýylyň
  • 1-nji fewralyna çenli  hgi.hgddek@gmail.com  elektron salga ugratmaly.
  • Makalalar 5-10 sahypa aralygynda, Times new roman, 1,5 interwalda, 14-lik şriftde bolmaly.
  • Ylmy makalalar şu aşakdaky ugurlar boýunça ýazylmaly:

1. Baýram han Türkmen – görnükli şahyr, filosof.

2. Baýram han Türkmen – döwlet işgäri we diplomat.


  • Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.
  • Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylyk topary tarapyndan kesgitlenen emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda kesgitlenýär.
  • Her ugur boýunça 3 sany baýrakly orun kesgitlenip, ýeňijiler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglanar.
  • Ýeňijileriň ylmy makalalary “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynda çap etmeklik üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hödürleniler. Bäsleşige hödürlenen makalalar HGI-niň web-saýtynda iirmfa.edu.tm ýerleşdiriler.
  • Bäsleşigiň ýeňijileri (I, II, III orunlar) Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda geçiriljek dabarada sylaglanarlar.


TDIM-niň HGI-i makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edýär | Bilim (turkmenportal.com)

Maslahat berilýän edebiýat:

Aýdogdyýew M., Nazarow A.

Baýram han Türkmen we onuň döwri. Ylmy-populýar makalalar,

A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2003.

************

18.12.2021 ý. senesindäki "Türkmenistan" gazetinde çap edilen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata ATAJANOWYŇ "BAÝRAM HAN" atly goşgusy.

https://metbugat.gov.tm/newspaper?id=7620