Giriş

TDIM HGI 2022/2023-nji okuw ýyly üçin hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga

şeýle hem magistratura taýýarlygyň ugurlary boýunça magistrlige kabul edýändigini yglan edýär


I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünär: halkara gatnaşyklary we diplomatiýa).

2. Hukuk işi (hünär: halkara hukugy).

3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: halkara žurnalistikasy).


II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary).


III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugry: Halkara gatnaşyklary).

Hukuk işi (taýýarlygyň ugry: halkara hukugy).

3. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýeti).

4. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry:  syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

 

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda  bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 – 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty - iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;

Lebap welaýaty - awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;

Ahal welaýaty - awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Aşgabat şäheri - awgust aýynyň 10-11-si, 12-si we 13-i günleri;

Balkan welaýaty - awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Daşoguz welaýaty - awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary we diplomatiýa; taýýarlygyň ugurlary: halkara hukugy; halkara gatnaşyklary – iňlis dili, Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty;

hünär: halkara ykdysady gatnaşyklary; taýýarlygyň ugry: halkara ykdysadyýeti – iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy.

hünär: halkara žurnalistikasy; taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy – iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

 

2022/2023-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

 

1. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa; Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş).

2. Hukuk işi (taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy).

3. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy).

Okuwlar tölegli esasda türkmen dilinde alnyp barylýar. 

 

Instituta taýýarlygyň:

- “Sanly diplomatiýa” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniştaryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa informatika we hasaplaýyş tehnikasy, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary, ykdysady kibernetika, maglumat howpsuzlygy, sosiologiýa   çygrynda;

- “Seljeriş we strategiki meýilleşdiriş” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa çygrynda;

- “Gündogary öwreniş” ugry boýunça halkara gatnaşyklary, dünýä syýasaty, syýasat ylymlary we sebit öwreniş, taryh, geografiýa, sanly ulgamlar we maglumat kommunikasiýa, Gündogar dilleri we edebiýaty (türkmen, türk, arap, pars, hytaý, ýapon, koreý, hindi )çygrynda;

- “Halkara hususy hukugy” we “Halkara jemagat hukugy” ugurlary boýunça halkara hukugy, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, hukuk öwrenişykdysady hukugy, maliýe hukugy, ykdysadyýet we hojalyk hukugy;

- “Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy” ugry boýunça žurnalistika, halkara žurnalistikasy, internet žurnalistikasy çygrynda.

ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň tassyklanan göçürmeleri ýa-da asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 12 — 13-ne geçirilýär.


Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde geçirilýär:


taýýarlygyň ugurlary: sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş; seljeriş we strategiki meýilleşdiriş – halkara gatnaşyklaryň nazaryýeti we iňlis dili;

taýýarlygyň ugurlary: halkara hususy hukugy; halkara jemagat hukugy – halkara hukugynyň nazaryýeti we iňlis dili;

taýýarlygyň ugry: syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy – žurnalistikanyň nazaryýetiniň esaslary we iňlis dili

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň salgysy:  Aşgabat ş., Galkynyş köçesi, 25;

tel.: 22-68-50.

Web-saýt: www.iirmfa.edu.tm

Elektron poçta: iirmfatm@sanly.tm; iirmfatm@iirmfa.edu.tm

Esasy görkezijiler
4
sany taýýarlygyň hünärmen ugurlary
4
sany taýýarlygyň bakalawr ugurlary
6
sany taýýarlygyň magistr ugurlary
398
sany hünärmen maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
103
sany bakalawr maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
54
sany magistr maksatnamasy boýunça bilim alýan talyplar
57
sany mugallym